Toýlarymyz toýlara ulaşýar

1 Ýanwar 2021
2177

Törümize ýene bir Täze ýyly geçirdik. Şol pursatda hem geçen ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, guwandyryjy wakalar dogrusynda oýlanýarsyň. Ýogsa-da, ýaňy ýalydy geçen ýyly uly joşgun, şatlyk bilen garşylanymyz. Milli Liderimiziň saýasynda her bir ýylymyzyň halkymyzy buýsandyryp eşretli günleri, sapaly döwrany eçilişi ýaly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen taryha giren 2020-nji ýylymyz hem üstünliklere beslenip, toýlarymyzy goşalandyrdy. Adyndan belli bolşy ýaly, geçen ýylymyzda türkmen Bitaraplygynyň, onuň parahatsöýüjilikli ýörelgesiniň many-mazmuny has giňden açyldy. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy giňden bellenildi.

Halkymyzda toýlaryň toýa ulaşmagy, rysgal-berekediň goşalanyp gelmegi döwletlilikden nyşan hasaplanýar. Mähriban Watanymyzyň gujagynda geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň ýubileý toýy bellenen bolsa, ynha, şatlyk bilen garşylanan Täze ýylymyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýini täze zähmet üstünlikleri, ýatdan çykmajak dabaraly wakalar bilen, tutumyny uludan tutup belläris. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatda eden çykyşynda: “Türkmenistan geljek ýyl özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellär. Biziň bu döwürde uly sepgitlere ýetendigimizi, kuwwatly ykdysadyýeti we durmuş ulgamy bolan, dünýä bileleşiginiň mynasyp hem-de abraýly agzasy hökmünde okgunly ösýän döwlete öwrülendigini bellemeli. Köp babatda bu üstünlikler yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň netijesi boldy» diýen parasatly sözlerini getirmegi makul bildik. Bu öňe sürülýän ajaýyp pikirlerden ugur alyp, okgunly ösýän eziz Watanymyzda parahatçylykda we asudalykda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uludan belläp, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini, ýurdumyzyň at-abraýyny bütin dünýä ýaýarys.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».