Baglar — ýaşaýşyň ýaraşygy

8 Noýabr 2024
293

Eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, halkymyzyň arassa ekologik gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy esasynda ýola goýlan köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümi hem ildeşlerimiziň müňlerçesini ata-babalarymyzyň sogaply işlerini dowamata besläp, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ýaly asylly maksadyň daşynda jebisleşdirer.

Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu meselede ýurdumyzyň nusga alarlyk syýasaty ýöredýändigini bellemek ýakymlydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda we Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) eden çykyşynda hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürdi.

Nargiza ISMAÝILOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.