«Bir nahal ekseň, ýaşyň baky»

6 Noýabr 2024
296

Bag ekmek ýaly sogaply işler ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň biridir. Häzirki döwürde iň gowy tejribä laýyklykda dürli görnüşli ekilmeli baglar saýlanyp alnyp, ylmy taýdan öwrenilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan baglary saýlap almak hem-de daşky gurşawa edýän täsirini bilmek wajyplygy ýüze çykýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda gorag zolaklar döredilende pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary, eldar sosnasy, tuýa, arizonka, garaagaç, ýasen (dar-dar), çynar, ýaprakly tut, gyrymsy agaç, bag-bezeg gülleri ekilýär.

Bu ösümlikler şäher ýerlerinde we zawod-fabrikleriň töwereginde ekilse gowy bolýar. Sebäbi olar howadaky zyýanly gazlara durnukly bolup, awtomobillerden, senagat kärhanalaryndan emele gelen tozany özüne siňdirýär. Ekilen baglaryň daşky gurşawa we raýatlarymyzyň rahat ýaşamagynda, howany arassa kislorod bilen baýlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr.

Merjen ISAÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylym bölüminiň esasy hünärmeni.