BAG EKMEK – ÖMRE DOWAMAT

6 Noýabr 2024
314

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny özgertmek, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek barada giň möçberli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak we baýlaşdyrmak meselelerine uly üns berýär. Indi birnäçe ýyllardan bäri güneşli ülkämiziň ähli künjeginde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar. Munuň özi, Diýarymyzyň tebigatyny baýlaşdyrmaga, ynsan ýaşaýşy üçin zerur bolan kislorody köpeltmäge, howany arassalamaga, ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga we durnukly saklanmagyna gönükdirilen syýasatdyr.

Ýurdumyzda bagçylygy ösdürmek üçin gurply ýerler, suw we amatly howa şertleri bar. Bu bolsa ýurdumyzy bagçylygyň ösen mekanyna öwürmäge mümkinçilik berýär. Geljekki baglaryň hasyllylygy hem-de uzak ömürliligi köp derejede nahalhanalarda ýetişdirilýän nahallaryň hiline we sort arassalygyna baglydyr.

Ahmetnur NURMUHAMMEDOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.