Şöhratly döwlete degişli tapyndy

4 Noýabr 2024
820

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eserinde VI-VII asyrlarda höküm süren Göktürkmenleriň döwleti barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Bu gymmatly eseriň bir ýerinde: «Gök Taňra uýýanlara tä yslama çenli «göktürkmenler», «gökoguzlar» diýlipdir» diýen setirler beýan edilýän bolsa, ýene bir ýerinde Oguz handan miras galan söweş däpleriniň, berk düzgün-nyzamlylygyň, ynanç-ygtykatlaryň göktürkmenlerde hem dowam edendigi barada aýratyn bellenilip geçilýär.

Şöhratly taryhymyzdaky iň beýik döwletleriň biri bolan Göktürkmenleriň döwleti Bumyn han tarapyndan esaslandyrylypdyr. Häzirki wagtda Mongoliýanyň çäklerinde gorag astynda saklanylýan türkmen diliniň iň gadymy ýadygärligi bolan Oguz-Orhon daş ýazgylarynyň hem Göktürkmenler döwrüne degişlidigini bellemek gerek. Göktürkmenleriň şine haty görnüşindäki elipbiýinde biziň günlerimize çenli gelip ýeten daşyň ýüzüne ýazylan ýazgylar ösen heýkeltaraşlyk sungatynyň bolandygyndan habar berýär. Bu döwleti berkitmekde uly işleri bitiren serkerdeler Külteginiň, Bilge hanyň, Tonýukukyň gahrymançylyklary Oguz-Orhon daş ýazgylarynda öz beýanyny tapypdyr. Bu daş ýazgylarynda 33 ýaşynda Göktürkmen döwletiniň beýik hany bolan Bilge hanyň meşhur: «Eý, oguz-türkmen begleri, millet, eşidiň; ýokarda Gök çökmese, aşakda ýer dilinmese, türkmen milletiňi, iliňi, kanunyňy kim bozup biler?!» diýen sözleri asyrlar aşyp, häzirki döwre çenli gelip ýetdi. Göktürkmenler döwleti 553 — 572-nji ýyllarda Muhan hanyň hökümdarlyk eden döwründe pajarlap ösüpdir.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.