Möhüm ugurlara eýerip

29 Oktýabr 2024
440

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar» hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda uniwersitetimiz dünýä döwletleriniň nebit we gaz pudagyna degişli ýokary okuw mekdepleri we iri kompaniýalary, korporasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Eziz Diýarymyzda nebitgaz senagatyny ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny goramak wezipesi bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Ýurdumyz ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, dünýä bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär, gaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy baýlyklar özleşdirilende we ulanylanda daşky gurşawy goramaga hem uly üns berilýär. Ýurdumyz öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýup, energiýa çeşmeleriniň dünýä bazaryna çykarylýan möçberlerini yzygiderli artdyrýar.

Sona ISLAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.