Çagalaryň durmuşynda ertekileriň ähmiýeti

22 Oktýabr 2024
630

Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ählisi üns-alada bilen gurşalyp alynýar we olaryň düşünjesiniň ösmegi üçin dürli usullar peýdalanylýar. Esasan hem, olar bilen terbiýeçilik sapaklaryny guramak, oýunlar arkaly dünýägaraýyşlaryny giňeltmek ýaly ugurlara uly üns berilýär. Şunda halk döredijilik eserleri bolan ertekileri peýdalanmak hem örän ýerliklidir. Ertekiler körpelere iň düşnükli bolan we sada dilde beýan edilýän çeper eserdir. Şonuň üçin hem çaga terbiýesinde ertekileriň hyzmaty uly bolup durýar.

Pähimdar pederlerimiz hem ýaş nesilleriň terbiýesinde halk döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Esasan hem, nakyllary, ertekileri peýdalanmak arkaly milli terbiýäni beripdirler. Çagalar bagynda bu ugry ösdürmek bilen terbiýeçiler körpelere ertekileri gürrüň berýärler, ýörite multimedia tagtasynda surat şekilleri bilen ertekileriň gahrymanlaryny janlandyrýarlar. Şeýle usulyň özi körpelerde uly gyzyklanma döredýär, aýdylýan erteki hakynda pikirlenip başlaýar, ýagşylygyň, birek-birege kömek etmegiň, dostlugyň manysyna düşünmäge çalyşýar. Bu bolsa çaganyň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmeginde ädilen ilkinji ädimdir.

Maýa ANNAMYRADOWA,
Sarahs etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.