Milli demokratiýanyň mizemez binýady

21 Oktýabr 2024
292

24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, onuň yzysüre bolup geçen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň dabaralary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary üçin hem buýsandyryjy wakalara beslendi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de birleşmesi belent maksatlara ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar. Geçen ýyllarda hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň işleriniň gerimini has-da giňeltmekleri bu ugurdaky döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Telekeçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, netijede, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek ileri tutulýan möhüm wezipelerdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bu ugurda özgertmeleri dowam etdirmek bilen baglanyşykly täze başlangyçlar öňe sürüldi.

Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.