Witaminler näme üçin gerek?

19 Oktýabr 2024
409

Mälim bolşuna görä, immun ulgamy bedeni bakteriýalaryň, mikroblaryň, wiruslaryň we beýleki kesel dörediji mikroorganizmleriň zyýanly täsirinden goraýar. Bu ulgam özüniň zeperlenen, şoňa görä onkologiki keselleriň döremegine itergi berip bilýän öýjüklerini ýok etmäge ukyplydyr. Immunitet çylşyrymly gurluşa eýe bolup, onuň öz işini kadaly ýerine ýetirmegi üçin witaminleriň gerekdigi doly subut edilendir.

Muňa göz ýetirmek üçin ilki bilen immunitetiň möhüm düzüm bölegi bolan beloklaryň bedende nähili funksiýany ýerine ýetirýändigine seredip geçeliň. Beloklar:

Ýazgül JOŞOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.