Döwrüň mizemez bagty

16 Oktýabr 2024
302

Döwrüň adamlara eçilen bagty çakyňdan zyýat gelende, şaýat bolýan hakykatlaryň hem göz öňüne getirenleriňden has öňe saýlanýar eken. Ine, geçen hepdede bellenilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi alyp göreliň! Şu hünär baýramynyň üstümizdäki ýylda bellenilişi ýurdumyzyň çäginden has uzaklara ýaýrady. Şol günlerde tutuş dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanda bu ulgamyň işgärleriniň alyp barýan işlerine nähili belent sarpanyň goýulýandygyna şaýat boldy. Diňe bu-da däl! Ýurdumyz hemişe bolşy ýaly, bu toýy-da dünýäniň çar künjünden gelen dostlary bilen bile toýlady.

Hünär baýramyndan bir gün öň ýurdumyzda halkara derejesindäki iri saglygy goraýyş merkezleriniň açylyp, ulanylmaga berlendigini, şol merkezlerden biziň welaýatymyzyň hem paýly bolandygyny gazetimiziň geçen sanynda habar beripdik. Türkmenabat şäherinde ulanylmaga berlen buýan kökünden derman serişdesini öndürýän kuwwatly kärhanadan daşary hem merjen paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş we fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binalary işe girizildi. Bu açylyş dabaralary berkarar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygyna ýene bir ýola şaýatlyk edýär. Şol gün açylyp, ulanylmaga berlen binalar toplumlarynyň halkara derejesinde hyzmat etmeklige niýetlenilendigi has-da buýsandyryjydyr. Türkmenabat şäherinde açylan täze kärhana hem sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap desgadyr. Çünki derman senagaty üçin iňňän möhüm serişde bolan glisirrizin turşusy hemme döwletde öndüriliberýän önüm däl. Aslynda, buýan islän ýeriňde bitiberýän ösümlik hem däl. Munuň üçin Jeýhun ýakasyndaky ýaly tebigy we howa şertleri möhüm. Diýmek, mundan soň biziň ýurdumyz gymmatly serişdäni ýa-da ondan taýýarlanylan derman serişdelerini eksport ediji döwletleriň hataryna goşular. Munuň özi, ykdysady üstünliklerimiziň täze ädimi bolar. Şol bir wagtyň özünde-de welaýatymyzdaky döwrebap saglygy goraýyş merkezleriniň üstüni ýetirip, Gündogar sebitiň görküne görk goşar. Paýtagtymyzda, Mary şäherinde açylyp, ulanylmaga berlen täze merkezler bolsa iň gymmatly baýlygyň — ynsan saglygynyň goralmagy üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýe bolar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.