Dünýäde iň uly kaktus

8 Oktýabr 2024
494

Kaktuslaryň müňlerçe görnüşi bolup, geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde olaryň dünýäde iň uly görnüşiniň saguarodygy anyklanyldy. Saguaro kaktusy Meksika bilen ABŞ-nyň Arizona ştatynyň çäginde ýerleşýän Sonora çölünde ösýär.

Bu kaktus 150 ýyl ýaşap, beýikligi 18-20 metre çenli uzaýar. Kaktusyň tapawutly aýratynlygy, onuň otuz ýyldan soňra «bat alyp» ösmegidir. Ömrüniň ilkinji onýyllygynda kaktus islendik çöl agajynyň ýanynda ösüp, onuň kölegesinde gyzgyn Günüň howrundan, epgekden goranýar. Agajyň köküniň çägäniň çuňluklaryna ýaýran ýerindäki nemden peýdalanýar we ýyllaryň dowamynda suw goruny toplaýar. Şeýle-de çöle seýrek bolsa-da, ýagyş ýagan mahaly saguaro suwy özüne siňdirip, ençeme tonna agrama ýetýär. Ýagny kaktusyň agramy 10 tonna ýetip, onuň 2 tonnasy suwdur.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Gunça HAMRAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.