Bag ekmek — sogap

19 Sentýabr 2024
535

Agaç nahallaryny oturtmak ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, gorag zolaklar döredilende pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary köp ekilýär. Sebäbi olar howadaky zyýanly gazlara durnukly bolup, awtomobillerden, senagat kärhanalaryndan emele gelen tozany özüne siňdirýär.

Daş-töweregi gurşap alan tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak, tygşytly peýdalanmak we ony nesillere geçirmek ekologiýa syýasatynyň esasy özenidir. Baglaryň daş-töweregine, ýollaryň gyrasyna, saýaly agaçlaryň arasyna, köçeleriň çatryklaryndaky meýdançalaryň, kärhanalaryň, edaralaryň, okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň, myhmanhanalaryň öňlerine bezeg beriji agaçlary we gülleri ekmegiň örän uly ähmiýeti bardyr.

Gülbossan ORAZOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.