Jogapkärli pagta ýygymy möwsüminde

19 Sentýabr 2024
751

Güneşli Diýarymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Pagtaçylarymyz yhlas-azabyny siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli işleýärler. Şeýle jogapkärli we gyzgalaňly günlerde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hünärmenleri gowaça meýdanlarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda we hasyly kabul edýän harmanhanalarda bolup, zähmetkeşler bilen iş üstünde duşuşýarlar hem-de olara tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek boýunça degerli maslahatlaryny berýärler. Şeýle çäreler zähmetkeşleriň işe has-da jogapkärli çemeleşmegine özboluşly itergi berýär.

Pagta ýygyjy kombaýnlaryň köpçülikleýin gowaçaly atyzlara girjek günleri hem uzakda däl. Şoňa görä-de, “polat atlara” erk etjek mehanizatorlaryň arasynda-da düşündiriş işlerini alyp barýarys. Ýeri gelende, pagta ýygymynyň öňüsyrasynda etraplaryň “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynda kombaýnçylaryň arasynda tehniki howpsuzlyk düzgünleri boýunça okuw maslahatlarynyň hem geçirilendigini bellemek gerek.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.