Depgin ýokarlanýar

19 Sentýabr 2024
482

Güýz paslynyň ýetip gelmegi bilen ekin meýdanlarynda pagtaçy kärendeçileriň zähmeti netijesinde “ak altynyň” bereketli hasyly kemala geldi. Şu günler welaýatymyzyň babadaýhanlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilýän şanly wakalary zähmet sowgatlary bilen garşy almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Garagum etrabymyzyň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli tabşyrmaklygy maksat edinip, ýetişdirilen hasyly isripsiz ýygnaýarlar. Uly joşgun bilen pagta ýygýan “ak altyn” ussatlary ir ertirden giç agşama çenli yhlasly zähmet çekýärler. Etrabyň pagtaçy kärendeçileri Watan harmanyna goşýan hasylynyň mukdaryny gün-günden artdyryp, döwlet öňündäki borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýärler. Häzirki jogapkärli döwürde pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary pagtaçy kärendeçilerimiziň arasynda bolup, olaryň “Armasyny” ýetirip, kärendeçileriň, ýygymçylaryň arasynda ýaryş gurap, ýeňijileri ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglap durýarlar.