Durmuşymyzyň güli, döwrümiziň guwanjy

18 Sentýabr 2024
501

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine we halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygy bilen milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine we bu ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesliň kämil bilim derejesiniň we hünär endikleriniň binýatlyk esasy goýulýar.

Şirin NAZAROWA,
welaýat baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.