Ylym-bilimde döwrebap ýollar

17 Sentýabr 2024
638

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem bilim özgertmeleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle möhüm resminamalardan ugur alnyp durmuşa geçirilýän işler hem uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mugallymlar, bilim işgärleri ylym-bilimi özleşdirýärler we ylmy esasda sapaklary, okuwlary alyp barýarlar. Şunda okatmagyň iň bir döwrebap usullaryndan peýdalanmak täze mümkinçilikleri üstünlikli durmuşa geçirmek esasy ugur bolup durýar. Sapakda okatmagyň dürli ugurlary peýdalanyp bilner, emma döwrebap, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar özüniň oňat netijesini berýär. Şonuň üçin hem ýaş mugallymlar taýýarlanylanda ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanmagy, okuwçynyň dünýägaraýşyny ösdürmegi, şeýle hem çagalaryň okuwa bolan höwesini artdyrmagy maksat edinýäris. Bu babatda ylmy kitaplardan hem, okuw kitaplaryndan hem peýdalanmak möhümdir. Şonuň üçin hem okuw sapaklary guralanda ýörite meýilnamalaşdyrmak, kitapdaky maglumatlary okuwçynyň aňyna ýetirmek aýratyn üns bermeli ugurdyr.

Aýjemal ALTYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.