Täsirli geçen döredijilik bäsleşigi

11 Sentýabr 2024
92

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylyk senesine bagyşlanyp ýurdumyzyň çar künjeginde geçirilýän toý-baýramlar, edebi hem medeni dabaralar göwünleri galkyndyrýar. Düýn şeýle dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Garagum» žurnalynyň redaksiýasynyň ýaşlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy – pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Mälim bolşy ýaly, döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaşlarymyz seslenip, öz şygyr we kyssa eserleri bilen gatnaşdylar. Olaryň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine, şahyrana dünýäsine degişli hem-de öňe süren ynsanperwer ideýalaryndan ruhlanyp ýazan eserleri «Garagum» žurnalynyň üstümizdäki ýylda çykan 3-nji we 4-nji sanlarynda çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu bäsleşikde ýörite düzülen eminler topary iberilen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan ediliş, žanr aýratynlygyna üns berip, ýeňijileri kesgitlediler.

«Garagum»