Ene — dünýäniň görki

10 Sentýabr 2024
601

«Ene» diýen ýekeje sözüň aňyrsynda daglar ýaly belent many ýatyr. Ene ýüreginde nurly güneş kimin gyzgyn mähir, tolkun atýan ummanlar deýin möwçli söýgi ýerleşýär. Ene — gudrat, ene — keramat. Dünýäniň bahar-ýazy, ýaşaýşyň ýaraşygy eneleriň barlygy bilen şöhlelenýär. Ene — her birimiziň göz açyp gören, diňe görer göz bilen däl-de, eýsem ýürek urgusy bilen kabul eden, göwün ganaty bilen guçan mähribanymyz. Ene — dünýädäki bar ajaýyplykdan üstün gelýän keşbiň eýesi. Şeýle bolansoň, her kim öz ejesini dünýädäki iň owadan, iň mähriban we iň hamrak ynsan hasaplaýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ejesinden azaşyp aglaýan oglanjykdan: «Ejeň nähiliräk aýal, daş keşbi nähili bolmaly?» diýip, soranlarynda, oglanjyk ejesini «Ejem — iň owadan aýal» diýip suratlandyrypdyr. Ene mähriniň çaga ýüregini çoýýan ýylysy dünýädäki ähli gözelliklerden belentde durýar. Adamzat üçin eneden mährem, eneden eziz, eneden ýakyn ýaradylyş ýokdur. Eziz Watan bilen mähriban ene ynsanyň iň arzyly mukaddeslikleridir.

Eneler — maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy. Häzirki zaman jemgyýetinde maşgala ojagyny berkitmek, kämil dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri kemala getirmek ýaly hyzmatlary bilen, eneler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine örän uly goşant goşýarlar. Türkmen eneleri maşgala ojagynyň ýylysyny, nesil-neberesiniň abraýyny, jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini, däplerini gorap saklap, bu tämiz mirasy asyrlardan asyrlara ýetirip gelýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda belleýşi ýaly, bize her bir sözi mekdep bolan enelerimiz üýtgeşik gudratdyr.

Nurjahan ÇOPANOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.