Hyzmatdaşlyk berkidilýär

6 Sentýabr 2024
52

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Ahmet Çalyk ata Watany Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin kompaniýanyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol açylyp ulanmaga berlen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň gurluşygynyň «Çalyk Holding» kompaniýasyna ynanylmagynyň özi üçin uly mertebedigini belläp, mundan beýläk-de öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde depginli işleri alyp barjakdygyna ynandyrdy.

«Watan».