Milli ykdysadyýet: durnukly ösüş üpjün edilýär

2 Sentýabr 2024
29

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işleriň sazlaşykly we talabalaýyk guralmagy öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge şert döredýär. Muňa 30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek mümkin. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygynyň maglumaty, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, möhüm wezipelere üns çekildi we milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir.

ÝURDUMYZYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY PUGTALANDYRYLÝAR

«Nesil».