Bagtyýar ýaşlaryň köňül kelamy

1 Sentýabr 2024
531

Näzik SERDAROWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby:

— Söýgi, yhlas, ynam bilen başyna barlan her bir iş ýerine düşýär, arzuwlar amala aşyp maksatlar myrat bolýar. Men ata Watanymyň aşygy, waspçysy. Watan söýgüsi meni arzuw eden ýokary okuw mekdebimiň gapysyndan getirdi, talyp boldum. Watanymyzy ýagty ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda edýän aladalaryndan, döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bagtyň eýeleri bolýarys. Bize diňe okamak, kämilleşmek, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmak galýar. Bizi bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun!