Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy

28 Awgust 2024
57

Taryhy wakalara, ösüşlere we üstünliklere beslenýän ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramakda, bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýäniň iň ösen enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş hem-de sport desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, öňki bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi adamlaryň saglygyny goramagyň, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň rowaçlanmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin öňümizde täze, belent maksatlary goýýarys. Ata Watanymyza beýik söýgimiz, synmaz agzybirligimiz we jebisligimiz bilen bu ugurda giň möçberli, has ýokary wezipeleri durmuşa geçirmek arkaly gazanylan üstünlikleri berkidýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygyna her birimiz şaýat. Bu hakykatyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dabaralanýandygyna bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda bolmagy halkymyzyň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleriniň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýandygyny nobatdaky gezek görkezdi.

«Balkan».