Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna geldi.
Gahryman Arkadagymyzyň sapary mynasybetli Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Eýranyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Eýran Yslam Respublikasynyň resmi wekilleri hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Soňra howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlar zalynda Milli Liderimiz bilen Eýranyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.