Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň strategik ugry

26 Awgust 2024
48

Türk­me­nis­tan se­bit we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak­da, ola­ryň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da iş­jeň or­ny eýe­läp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Şun­da Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek me­se­le­si hem bar. Bu mö­hüm ul­gam­da hyz­mat­daş­lyk türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­lan we hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň äh­li­si­ni, ýag­ny 17-si­ni hem res­mi taý­dan ka­bul edip we ola­ry mil­li me­ýil­na­ma­la­ra, dur­muş-yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­la­ra uý­gun­laş­dy­ryp, umu­my aba­dan­çy­ly­gyň, ösü­şiň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mä­ge ça­lyş­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň öň­de bol­jak 79-njy ses­si­ýa­syn­da ýur­du­my­zyň ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ryn­da-da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu ses­si­ýa şu ýy­lyň sentýab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­ti­ra­syn­da öz işi­ne baş­lar.

(TDH).