Agzybirligiň we jebisligiň aýdyň beýany

18 Awgust 2024
219

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen netijeli ösüşler guwandyryjy häsiýete eýe boldy. Merdana halkymyzyň medeni we ykdysady durmuşyny özgertmegiň aýdyň, anyk ýollary kesgitlenildi. Ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimizde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini has-da ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Merdana halkymyz uzak taryhy döwrüň dowamynda döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň özboluşly nusgasyny kemala getiripdir. Milli demokratik ýörelgelerimize esaslanyp, halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň eşretli durmuşyny nazarlaýan çözgütleri kabul etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Sapardurdy BEGMÄMMEDOW,
Türkmenbaşy şäher prokurorynyň orunbasary, 1-nji derejeli ýurist.