Halkymyzyň paýhaslylyk ýörelgeleri

15 Awgust 2024
133

Hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryşyny demokratiýalaşdyrmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek babatda  milli, medeni we ruhy mirasymyza daýanmak ýoluny dabaralandyrýar. Il-halk bilen bile bolmak, olaryň pikirlerini bilmek ýörelgesi edebi miraslarymyzyň hem süňňüne siňip gidipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkynyň öz häkimiýetini wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hakyndaky meselä ünsi çekdi. Bu bolsa Diýarymyzda milli demokratiýanyň medeni we ruhy mirasymyza daýanmak bilen döwrebap röwüşde amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Serdar DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.