Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

13 Awgust 2024
78

12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek baradaky teklibi goldandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de Astana şäherinde 9-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitiniň we ikitaraplaýyn duşuşygyň yza süýşürilmeginiň Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglydygyny aýdyp, göz öňünde tutulan bu çäreleriň yza süýşürilmeginiň düşünmek bilen kabul edilmegini haýyş etdi.