Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ösdürilýär

12 Awgust 2024
119

9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen boldy.

Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimizi «Akorda» köşgünde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri dostlarça salamlaşyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

«Watan».