Duşuşyklar geçirildi

12 Awgust 2024
131

9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ol däp bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar barada durup geçmek bilen, şu ýylyň iýulynda Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylandygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna bu dabara gatnaşandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

«Watan».