Täsin geçelge

7 Awgust 2024
577

Adamlar özleriniň ýakynlaryny görmek, myhmançylykda bolmak, ýa bolmasa syýahat etmek maksady bilen şäherara we daşary ýurtlara gatnawlary amala aşyrýarlar. Munuň üçin bolsa, esasan, awtoulaglary, otlulary we uçarlary peýdalanýarlar. Durmuşymyzda möhüm gatnaw ýoly bolup hyzmat edýän demir ýollarynyň ýerleşişiniň dünýäde birnäçe görnüşleri bar.

Şweýsariýada ýerleşýän «Gotthard» ýerasty demir ýoly uzynlygy boýunça dünýäde öňdäki orunda durýar. 2016-njy ýylyň iýun aýynda açylyp ulanylmaga berlen demir ýolunyň gurluşygy 17 ýyla golaý wagt dowam edipdir. Şweýsariýada bu ýerasty demir ýoldan başga-da, birnäçe ýerasty demir ýollary we awtoulag ýollary bar. Munuň esasy sebäbi, ýurduň geografik ýerleşişine baglydyr. Ýurduň demirgazygyndan günortasyna çenli uzalyp gidýän aralygy Alp daglary eýeleýär. Bu daglar ýurduň umumy meýdanynyň ýaryndan hem gowragyny tutýar. 2400 adamyň zähmet çekýän ýerasty demir ýolunyň uzynlygy 57  kilometrden gowrak. Alp daglarynyň içinden geçýän demir ýoly ýük we ýolagçy gatnatmaga niýetlenendir. Tomus paslynda syýahatçylaryň iň köp barýan döwründe bu ýerde gatnaw has-da ýygjamlaşýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.