Eziz Watan köňül buýsanjymyzdyr

6 Awgust 2024
264

Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, ýurdumyzda buýsandyryjy özgertmeler amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň täze taryhy beýik işler bilen şöhratlanýar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde iň öňdebaryjy, ykdysady ösüşe eýe bolan döwletleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda — syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde beýik ösüşleri üpjün edýän uly işler durmuşa geçirilýär, maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda belent özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça her bir pudak, her bir ulgam üçin anyk meýilnamalar işlenip düzüldi, olaryň öz wagtynda amal edilmegini üpjün edýän şertler döredildi. Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, halkymyzyň milli agzybirligini pugtalandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna, ykdysadyýetiň okgunly ösmegine gönükdirilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasy, ykdysady we hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar we oňyn başlangyçlar işjeň dowam etdirilýär.

Ogulboldy HUDAÝBERENOWA,
Daşoguz şäherindäki 22-nji orta mekdebiň mugallymy.