Döwletlilik ýörelgesi bilen

2 Awgust 2024
352

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň baýramçylyk ediljek günleriniň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny, durmuş-ykdysady ösüşini, halkara abraýyny belende götermegiň ösüşli ýollary barada gürrüň ederler, pikir alşarlar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, türkmen halky ähli döwürde-de döwletli işleriň başyna baryljak bolnanda atly-abraýly ýaşululara geňeşmegiň, ýaşkiçileriň pikirini diňlemegiň oňyn netije berjekdigine düşünipdir. Taryhy geçmişimize nazar aýlanymyzda, her döwrüň patyşasynyň, hökümdarynyň köşgünde öz dana gojalarynyň, parasatly wezir-wekilleriniň, pähimli geňeşçileriniň, ýolgörkezijileriniň bolandygy bize mälim. Aýratyn ähmiýete eýe bolan bu nusgalyk ýörelgäniň gözbaşynda Gorkut ata, Görogly begiň atasy Jygalybeg, Çagryl we Togrul begiň atalary Seljuk beg, Oguz hanyň dana weziri Erkil hoja ýaly pähim-parasatly kişileriň bolandygy guwandyryjydyr. Goja taryhymyzyň sahypalary pederlerimiziň durmuş tejribesi, parasatly maslahatlary bilen baýlaşyp, halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşa — mukaddes Garaşsyzlyga, baky Bitaraplyga ýetmegine gönezlik boldy.

Asly, zandy watansöýüjilige, pähim-paýhasa, mertlige, gaýratlylyga, asyllylyga, ar-namysa ýugrulan türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarynyň biri hem ulus-iliň döwletliliginden nyşan bolan ula, kiçä hormat goýmak ýörelgesidir. Asyrlaryň jümmüşinden aşyp gelýän bu ýörelge halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşany. Magtymguly atamyzyň aýdyşy ýaly:

«Zenan kalby».