Geljege şugla saçýan tutumlar

1 Awgust 2024
329

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň maksatnamalaýyn esasda utgaşykly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň üstünliklere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisidir. Şuglasy asyrlara nur çaýjak tutumlaryň başlangyjyny goýýan wakalar barada gürrüň etmek örän ýakymly.

26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak, gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen baglanyşykly meseleler barada habar berildi.

«Edebiýat we sungat».