Halk Maslahaty: agzybirligiň, döwletliligiň ygtybarly ýoly

30 Iýul 2024
329

Türkmen halky beýik ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanada ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiz has-da ösdürilýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeler türkmen ykdysadyýetine, medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna netijeli täsir edýär, beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşýar, baýramlar uly dabaralar bilen bellenilýär. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlarys. Şeýle şanly baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçiriler. Türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen asylly ýörelgelere eýerilip, millilik ýoly dowamat-dowam bolýar. Halk Maslahaty hem asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirlik, milli demokratik ýörelgelerimiziň döwrebap ösdürilýän ugurlarydyr. Taryhda ata-babalarymyz hem il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli meseleleri çözüpdirler. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakyllar, atalar sözleri hem bize ýol-ýörelge bolup durýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyllar türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini aňladýar. Oguz han atamyz döwleti dolandyranda maslahat geçirip, adamlaryň hersine özüniň başarjak işini ynanypdyr. Ol öz nesillerine bu düzgünleri berk berjaý etmegi wesýet edipdir.

Merjen ALLAMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.