Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

25 Iýul 2024
130

Batyr GURBANGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy:

— Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň netijeli gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Häzirki wagtda bilimini artdyryp, hünär edinmek isleýän müňlerçe ýaş raýatlarymyz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgär bolmak üçin resminamalaryny tabşyrýarlar. Olaryň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, bagtyýar zamanamyzyň bagtly talyby bolmagyny arzuw edýäris.