Gallaçynyň aýasy...

16 Iýul 2024
543

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň kesewini dürtseň gögerdýän keremli topragynyň haýsy künjüne barsaň-da, ygşyldap oturan gallaly meýdanlara gabat gelýärsiň.

Magtymguly Pyragy: «Owwal Adam indi dünýä, bu dünýäni ekip geçdi» diýip, öz goşgusynda belleýär. Bu setirlerde ynsanyýet ýaşaýşynyň hemme döwürlerinde hem ynsan balasynyň ene toprak bilen bagry badaşyp, şonuň bilen eklenip gelendigi beýan edilýär. Ekerançylyk medeniýetiniň gitdigiçe kämilleşip, saýlantgy tohumlaryň seleksiýalary döredilipdir. Diňe bir taryhy maglumatlar däl, eýsem, türkmen halk döredijiligine ser salsaň-da, ekerançylyk baradaky nakyllary, atalar sözlerini, sanawaçlary, aýtgylary näçe diýseň tapyp bolýar.

Baýnazar BAÝHANOW.