Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

12 Iýul 2024
209

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistany Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan, taryhyň dowamynda emele gelen dostlukly gatnaşyklar, hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara hereketleri ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýär. Bu babatda Koreýa Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady, amala aşyrylan hem-de meýilleşdirilýän bilelikdäki iri taslamalar munuň aýdyň güwäsidir.