Ösüşleriň täze mümkinçilikleri

11 Iýul 2024
183

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde ähmiýetini barha artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 4-nji iýulda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparynyň çuň mazmuna baý pursatlarynda muny aýdyň görmek bolýar.

Mälim bolşy ýaly, eýýäm ençeme ýyllardan bäri  Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine ýurdumyzyň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna we dünýäde parahatçylygy ösdürmekde, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ilerletmekde öňe sürýän ählumumy bähbitli tagallalaryna bildirilýän ýokary hormatyň beýanydyr.

Gurbanmyrat KAKAJIKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň müdiri, polisiýanyň maýory.