Ahal we Lebap welaýatlarynyň gallaçylary zähmet ýeňşini gazandylar

11 Iýul 2024
244

Ýurdumyzyň ýene-de iki welaýatynyň — Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Edermen gallaçylar hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmekleri babatda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, oba zähmetkeşleri tehniki enjamlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de himiki serişdeler bilen üpjün edilýär. Döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Munuň özi bu jogapkärli möwsümiň ýokary netijelere beslenmegine ýardam berýär. Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzda ilkinji bolup Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary öz şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

(TDH)