Döwlet howpsuzlygy we asudalygy harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan ilkinji wezipedir

5 Iýul 2024
202

3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

«Nesil».