Ak keçe ýaraşar öýüň törüne

3 Iýul 2024
689

Gadymyýetden miras galan senetçilik däpleri häzirki döwürde-de öz ähmiýetini, gadyr-gymmatyny ýitirmeýär. Eli çeper zenanlaryň zehininiň, yhlasynyň miwesi bolan keçe we keçe önümleri milli mukaddesliklerimiziň biridir.

Keçeler, adatça, dörtburç bolýar. Olaryň bir ýa-da iki ýüzi nagyş bilen bezelýär. Keşde çekmek, dokma dokamak ýaly keçe taýýarlamak hem irginsiz zähmeti talap edýär. Ene-mamalarymyz derýalaryň, ýaplaryň boýlarynda ösýän hyşşalardan orlup alynýan gamyşlary arassalap, belli bir ölçegde berk ýüpler bilen çyg dokapdyrlar. Soňra sähetli gün diýip hepdäniň çarşenbe güni üýşüp, gamyş çygyň üstünde keçeleri gülläpdirler. Çygyň ýüzüne inçe edilip çekilen reňkli ýüňler bilen salynjak nagyşlaryň keşbi çekilýär. Keçäniň merkezi meýdançasyna güller we dürli şekilli nagyşlar aýlawly goýlup çykylýar. Soňra ýogyn görnüşinde çekilen reňkli ýüňler arkaly onuň içi doldurylýar. Keçelerde merkezi nagşyň we gyra nagyşlaryň arasy alajalar bilen bezelýär. Alaja keçä owadanlyk çaýýar we nagyşlaryň biri-biri bilen goşulyşmazlygynda hem uly ähmiýete eýe bolýar.

Ogulgerek AGAJANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.