Döwrebap mümkinçilikleriň ähmiýeti

30 Iýun 2024
174

Ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara, tehnologik we guramaçylyk innowasiýalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň ýyl-ýyldan artdyrylmagy, olary ulanmagyň esasynda ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagy innowasiýa işiniň ösdürilmegi üçin zerur şertleri döredýär. 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu merkez bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmegi, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmagy, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplaryny, wideo we audio okuw materiallaryny, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermegi, maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işleri utgaşyklylykda alyp barmagy hem-de bilim maksatnamalary boýunça işleri ýokary derejede guramagy maksat edinýär. Innowasiýa maglumat merkezini döretmekdäki işlerde sanly ulgam boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň, ýagny Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Singapur ýaly ýurtlaryň tejribesinden ugur alyndy.

Mähriban JUMALIÝEWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň okuw we halkara gatnaşyklar bölüminiň hünärmeni.