Halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň şan-şöhratynyň bähbidine milli medeniýetimiz ösdürilýär

28 Iýun 2024
68

27-nji iýunda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Bu çärä gabatlanyp, her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen giň gerimli döredijilik forumy milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp wakalara baý boldy.

Sungat baýramçylygynyň çäreleri özüne çekijiligi we mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlandy. Olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen ägirt uly işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri guraldy. Şygryýetiň, halk döredijiliginiň muşdaklary edebiýat agşamlaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň medeniýet, sungat ussatlarynyň konsertlerine gatnaşdylar. Köp sanly ýaşlar hem öz zehinini görkezdi. Sahna ussatlary bu waka mynasybetli döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Şu günlerde geçirilen mowzuklaýyn maslahatlarda, iş maslahatlarynda, «tegelek stol» duşuşyklarynda, brifinglerde taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek, sungatyň dürli žanrlaryny ösdürmek, muzeýleriň, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek hem-de şunda sanly tehnologiýalary ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.