Medeniýetimiziň, sungatymyzyň dabaralanmagy

28 Iýun 2024
83

22-27-nji iýun aralygynda ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeligi medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä içre dabaralanmagy boldy diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, ulgamyň işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp wakalara baý bolan hepdeligiň jemleýji güni Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çärä gatnaşmak bilen üýtgeşik, ýatdan çykmajak ýakymly, buýsançly duýgulary başdan geçirendigimi aýratyn nygtamak isleýärin.

Belent ýadygärligiň binýadynyň öňüni dolduryp duran gül çemenleri halkymyzyň beýik şahyra bolan söýgüsiniň, çuňňur hormatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Nursoltan Depbiýewa,
«Balkan». Surata düşüren Hasan Magadow.