Şa serpaýly ýaşlar

27 Iýun 2024
88

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda güneşli Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly baýramynyň giňden dabaralandyrylýan şanly ýylymyzyň şatlykly wakalarynyň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jeminiň jemlenip, ýeňijileriniň Şa serpaýy bilen sylaglanmagydyr.

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňişleýin öwrenmekde, wagyz etmekde, şahyryň görnükli şahsyýetiniň, çuň mana, pähim-paýhasa we ýokary ahlak ýörelgelerine beslenen gymmatly goşgularynyň ägirt uly ähmiýeti barada ýaş nesilleriň düşünjelerini giňeltmekde, şeýle-de şanly ýyly dabaralandyrmakda bu döredijilik bäsleşiginiň ähmiýeti uludyr. Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda bolan dabarada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyrynyň we pul baýragynyň gowşurylmagy türkmen ýaşlarynda aýratyn ruhubelentlik döretdi. Bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlaryň, bagtyýar talyplaryň bolmagy diýseň begendirýär.

Enebaý GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.