Sungat baýramynyň joşguny

26 Iýun 2024
37

22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi mynasybetli teatryň sahnasynda sungat ussatlarynyň we belli döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Konsertde ýurdumyzyň döredijilik toparlary, meşhur aýdymçylar, opera ussatlary, estrada ýyldyzlary, belli tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýygnananlaryň ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylan «Alkyş Size, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly watançylyk aýdymy konsertiň ajaýyp jemlenmesi boldy. Medeni forumyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Älem nury» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.

Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň açylyşynyň çäklerindäki dabaralar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň golaýynda ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňäniň, 61 sany altyn teňňäniň bölekleriniň we 8 sany dürli reňkli gymmatlyklaryň tapylandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, şol gün bu tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak, olary tapan hem-de döwlete tabşyrmak işine gatnaşan raýatlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

«Aşgabat».