Egsilmez hazyna

26 Iýun 2024
43

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, akyldarlarymyzyň we şahyrlarymyzyň edebi döredijiligini ylmy taýdan öwrenmeklige we wagyz etmeklige aýratyn ähmiýet berýärler. Ynha, bu gün hem ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giň dabaralar bilen bellenilýär.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, aýratyn hem, ýaşlar üçin egsilmez hazyna bolup durýar. Dünýäniň ylmy-medeni ösüşine mynasyp goşant goşan beýik türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijiligine bagyşlanyp halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, olaryň ylmy we edebi mirasy halka ýetirilýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe meşhur türkmen alymlary, şahyrlary Mahmyt Kaşgarla, Mahmyt Zamahşara, Abusagyt Abylhaýra, Nejmeddin Kubra, Muhammet Gaýmaz Türkmene, Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçirilen Halkara ylmy maslahatlar hem aýdyň subutnamadyr.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.