Ylymly il ozar

22 Iýun 2024
149

Beýik işler, depginli ösüşler ylmyň we bilimiň güýji, oýlap tapyşlaryň, ýokary tehnologiýalaryň üstünlikleri bilen amala aşyrylýar. Döwrümiziň ylmy-tehniki gazananlary, bilim hem-de innowasiýalar milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak arkaly ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni, ylmy giňişliginde Garaşsyz Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmagyň kepili bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde jemgyýetiň ösüşini ylym we täze tehnologiýalar bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Şu nukdaýnazardan, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda alnyp barylýan işleri ylmy çözgütler esasynda has-da ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşlarynda, geçirýän mejlislerinde ýurdumyzda ylym ulgamyny, ýokary tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly anyk wezipeleri kesgitleýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ylym bilen meşgullanýanlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, olaryň durmuş goraglylygynyň ýokarlandyrylmagy bu ugurda edilýän tagallalardan nyşandyr.

Orazgylyç ORAZGYLYJOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.