Ylym, hünär we innowasiýa

20 Iýun 2024
148

Häzirki döwürde ylym adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň wajyp şertleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Eger XX asyryň başynda ylym bilen önümçiligiň birleşigi industrial jemgyýetiň sütüni bolan bolsa, onda şol asyryň aýagynda, XXI asyryň başynda bu birleşigiň täze döwri badalga aldy. Indi adamzadyň industriallykdan soňky maglumat ösüş döwri açyldy. Bu ýerde maglumat we innowasiýalar eýeçiligiň ileri tutulýan obýektine öwrülýärler. Şonuň üçin her bir döwlet, şol sanda biziň döwletimiz hem ylma, ylmy işi guramaga, ylmy işgärleri ýetişdirmäge aýratyn üns berýär. Bu işiň täsiri bilen ýurdumyzda ösüşiň täze nusgasy kemala gelýär. Bu döwür ylym-bilimiň, maglumat-tehnologik mümkinçilikleriň düýpgöter täze derejä çykýan döwrüdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde berkeýän täzeçillik ruhy adamyň, ilki bilen, ýaşlaryň işjeňleşmegine, hereketleriniň kämilleşmegine itergi berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: «Men ýaşlarymyzyň öz ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň ylmy-tehnologik binýadyny berkitmäge gönükdirjekdiklerine berk ynanýaryn. Biz bagtyýar ýaşlarymyzyň öz Watanynyň at-abraýyny we şan-şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine döredijilik dünýäsinde uly üstünlikleri gazanmaklary üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary ederis» diýip, geljegiň binýadyny dörediji, gurujy, ylymly-bilimli hünärmenleriň ýaş neslini ýetişdirmäge ählitaraplaýyn goldaw beriljekdigini nygtady. Bu uly ynama, alada öz hünäri, başarnygy, zähmeti bilen jogap bermek her bir ýaş adam, hünärmen üçin zerurlykdyr. Bu ýaşlara ylym-bilim berýän, olary durmuşa taýýarlaýan alymlara, professor-mugallymlara, ussat halypalara hem bildirilýän ynamdyr. Sebäbi olaryň alyp barýan işi geljekde ýurdy, dünýäni özgerdiji adamlary, hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek bilen bagly.

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.