Ballar mekany

20 Iýun 2024
92

2015-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Balaryçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň başynda şeýle ýazylypdyr: «Şu Kanun bal öndürýän arylary köpeltmek, saklamak, tozanlandyrylýan (entomofiýa) oba hojalyk ösümliklerini tozanlandyrmak üçin olary peýdalanmak, balaryçylyk önümlerini almak, şeýle hem bal öndürýän arylary goramak boýunça işiň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär...». Bu Kanun balaryçylygyň hukuk esaslaryny anyk we dogry beýan etmek bilen, onuň bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň öňünde giň mümkinçilikleri açýar.

Balaryçylyk örän gadymy ugur bolmak bilen, ol biziň ýurdumyzda örän irki döwürlerden bäri ýöredilip gelinýär. Ata-babalarymyz bu käri nesilden-nesle geçiripdirler. Indi bolsa balaryçylyk kanuny taýdan goralýan pudaga öwrüldi. Degişli Kanunyň 8-nji maddasynda balaryçylyk babatda işi amala aşyrýan şahslaryň hukuklary we borçlary anyk kesgitlenipdir. Hut şonuň üçin-de, bu iş bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň sany barha artýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».